Mahsa Amininiň aradan çykanyna üç ýyl bolsa-da, eýran häkimiýetleri henizem onuň maşgalasyna 22 ýaşly gyzyň baş örtügini dakmak baradaky kanuny bozandygy diýilýan aýyplamalar esasynda, Tehranyň ahlak polisiýasynyň tussaghanasynda ölen gününiň üçünji ýylynyň hatyrasyny tutmaga rugsat bermeýärler. Maşgalanyň ýakynlarynyň biri 16-njy sentýabrda, Amininiň aradan çykan gününiň üçünji ýylynda, Azatlyk Radiosynyň Eýranyň gullugy, ýagny Radio Farda bilen söhbetdeş bolup, onuň kakasy Amjad Aminiň Eýranyň... Читать дальше...
Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýän mahaly, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň Daşoguz we Änew şäherlerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sany göz-görtele artdy. Olaryň köçelerdäki sürüjilere we pyýadalara gözegçiligi güýçlendi, raýatlaryň gije hereketi çäklendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 17-nji sentýabrda Ahaldan we Daşoguzdan maglumat berdiler. “Häzir orta mekdeplerde, bazarlarda, uly... Читать дальше...
Türkmen metbugaty şu ýylyň 8–13-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda hem-de Daşoguz sebitinde onkologiýa kesellerini anyklamak we bejermek boýunça berilýän lukmançylyk kömeginiň ýagdaýyna baha bermek üçin “imPACT” atly gözden geçiriş missiýasynyň geçirilendigini habar berýär. Bu missiýa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi (IAEA) we Ragy öwrenmegiň Halkara agentligi (IARC) bilen hyzmatdaşlyk esasynda guralypdyr. Missiýanyň maksady — Türkmenistanda onkologiýa... Читать дальше...
Russiýa Merkezi Aziýadan bolan migrantlara garşy basyşlaryny güýçlendirip, indi olaryň çagalarynyň bilim almagyny we ýurda girmegini çäklendirýär.On ýaşly gyrgyz gyzyna kesgitlenmedik immigrasiýa düzgünlerini bozandygy sebäpli bäş ýyl Russiýa girmek gadagan edildi.Täze düzgünler migrant çagalardan dil synaglaryny geçmegi we kanuny ýagdaýyny subut etmegi talap edýär. Bu bolsa mekdepde okaýan çagalaryň we öýlerine dolanýan maşgalalaryň düýpgöter azalmagyna getirýär.Aizura we onuň 10 ýaşly gyzy ýakynda Gyrgyzystandan Russiýa gaýdyp gelip... Читать дальше...
Raýat aktiwisti Myrat Düşemowa 16-njy sentýabrda sekiz ýyl iş kesildi diýip, “Turkmen.news” habar berýär. Bu jeza oňa ozalky toslama iş boýunça berlen 4 ýyl tussaglygyny tamamlamagynyň öň ýanynda açylan iş boýunça berildi. Duşemowyň häzirki aýyplaw höküminiň jikme-jiklikleri entek belli däl, ýöne, görnüşinden, ol Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 107-nji maddasyna laýyklykda "Saglyga bilkastdan agyr zyýan ýetirmekde" günäkär tapylana meňzeýär diýip, habarda aýdylýar. Neşiriň maglumatyna görä, ýapyk... Читать дальше...