Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Сентябрь
2025
6
13
14
20
21
28

Новости за 30.09.2025

Azathabar.com 

Aladaly eýranlylar BMG-niň gaýtadan dikeldilen sanksiýalarynyň netijelerine garaşýarlar

BMG-niň Eýrana garşy girizen we 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasy esasynda ýatyrylan sanksiýalary, Tähranyň bu ädimiň öňüni almak üçin edýän tagallalaryna garamazdan, hepdäniň ahyrynda gaýtadan güýje girizildi. Eýranyň resmileri sanksiýalaryň gaýtadan güýje girizilmegini “bikanun” diýip atlandyrýarlar we halkyň muňa çydam etjekdigini öňe sürýärler, ýöne syýasy ugurlarda ýurduň mundan beýläk näme etmelidigi barada jedeller gyzyşýar. Konserwatiwler boýun egmezligi dowam etdirýärler. Tähran häkimligi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystan tümlükde: “Talyban” tutuş ýurt boýunça aragatnaşygy kesdi

Owganystanda “Talyban” hereketi ýurduň ähli künjeginde telearagatnaşygy öçürip, ýurduň dünýä bilen aragatnaşygyny tas doly kesdi. Radikal yslamçy topar 29-njy sentýabrda ýurduň çäginde optiki süýümli Internet ulgamyny doly ýapdy. Şol ulgam bilen baglanyşykly bolan mobil aragatnaşyk torlary hem aglaba işini togtatdy. Bu ädim ýurduň içinde haosa sebäp boldy. Uçuşlaryň yza süýşürilmegi, ilatyň bank hyzmatlaryndan, elektron söwda ulgamyndan, şeýle-de Internet arkaly alnyp barylýan işler we mekdepler bilen gatnaşygyndan kesilmegine getirdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Polşadaky türkmenleriň arasynda Germaniýada bosgunlyk, gaçybatalga almaga synanyşýanlar “köpelýär”

Polşada ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň arasynda soňky aýlarda Germaniýa geçip, Berlin, Frankfrut we Köln şäherlerinde bosgunlyk we gaçybatalga almaga synanyşýanlaryň sany göz-görtele köpeldi. Migrantlaryň onlarçasynyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, muňa olaryň biometriki pasportlarynyň möhletiniň tamamlanmagy we Polşada ýaşamak üçin zerur bolan resminamany almagyň kynlaşmagy sebäp bolýar. “Diňe sentýabr aýynyň dowamynda azyndan 400-e golaý türkmenistanly pasportsyz kösenip, Germaniýa geldik. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ahalda lukmanlara 'it ýardy' diýip gelýän köpelýär - Çeşmeler

Ahal welaýatyndaky çeşmeler guduzlaýan we adamlara topulýan aç itler baradaky howsalaly habarlaryň il içinde barha kän ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, lukmanlara it ýardy diýip ýüz tutýan adamlaryň barha köpelýändigini habar berýärler, emma bu ýagdaý barada saglyk edaralarynyň hünärmenleri, resmiler bilen açyk gürleşip, maglumat alyp bolmaýar. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen lukmanlaryň birnäçesi “it ýardy” diýip gelýän adamlaryň köpelendigini tassyk etdi, ýöne olar anyk sanlary aýtmakdan saklandylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

"Talyban" Owganystandaky interneti doly ýapdy

Owganystana gözegçilik edýän radikal yslamçy topar, “Talyban” hereketi ýurtdaky interneti doly ýapdy diýip, internet gözegçilik edýän halkara gulluk, NetBlocks habar berdi. "Birnäçe tor irden irden ýuwaş-ýuwaşdan ýapyldy; häzirki wagtda telefon hyzmatyna-da täsir ýetirilýär" diýip, habarda aýdylýar. Kabul şäheriniň birnäçe ýaşaýjysy BBC-ä özlerindäki süýüm-optiki internet hyzmatynyň iş gününiň aýagyna çenli kesilendigini aýtdy. “Roýters” habar gullugynyň habaryna görä, “Talyban” jübi telefonynyň hyzmatyny hem ýatyrdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Göwreli türkmen raýaty Russiýada adamsyna we çagalaryna gowuşdy

Kirowsk etrap kazyýeti göwreli türkmen raýaty Iradanyň adamsy we üç çagasy bilen ýaşaýan ýerinde, Sankt-Peterburgda galdyrylmagy baradaky karara geldi. Irada immigrasiýa kanunlaryny bozandygy üçin jerime salyndy diýip, rus metbugaty habar berýär. MR7 neşiriniň ýazmagyna görä, Irada 2020-nji ýyldan bäri Sankt-Peterburgda ýaşaýar. Ol Russiýa bir ýyllyk wiza bilen gelip, soň ony ilki koronawirus, soň maliýe kynçylyklary sebäpli, soňra bolsa pasportynyň möhletiniň dolandygy üçin täzeläp bilmeýär. Irada... Читать дальше...

Azathabar.com 

2026-njy ýylda Putin we onuň administrasiýasy üçin býujetden yas 33 mlrd rubl berler

2026-njy ýylda Wladimir Putiniň we onuň administrasiýasynyň iş şertlerini üpjün etmek üçin 32,9 milliard rubl bölünip berler, bu 2025-nji ýylda goýberlen serişdeden 1,7 milliard köp bolýar diýip, “Werstka” indiki ýyl üçin işlenip düzülen býujet taslamasyna salgylanyp ýazýar. 2025-nji ýylda "prezidentiň we onuň administrasiýasynyň işlemegini üpjün etmek" üçin 31,2 milliard rubl bölünip berildi. Başda bu 31,042 milliard rubldy, ýöne tomusda 155 million rubl köpeldildi. Bu serişdeler administrasiýa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbegistana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 250 müňe golaýlady

Şu ýylyň başyndan bäri Özbegistana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 250 müňe golaýlady diýip, “Türkmenportal” neşiri Özbegistanyň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär. Resmi maglumata görä, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda goňşy ýurda 243,5 müň türkmenistanly syýahatçy barypdyr. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, geçen ýylyň degişli döwründe Özbegistana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany 102,9 müňe deň bolupdyr. Bu döwründe Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça altynjy ýeri eýeledi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşkent sebitindäki çagalar baglarynda müňe golaý çaga zäherlendi - Gazeta.Uz

Daşkent sebitindäki çagalar baglarynda çagalaryň köpçülikleýin zäherlenendigi habar berilýär. Çagalaryň süýt önümlerinden zäherlenendigi çak edilýär. 1900-den gowrak çaga zäherlenme simptomlaryny görkezdi, 900-den gowrak çaga keselhana ýerleşdirildi diýip, Gazet.Uz neşiri Özbegistanyň sanitariýa we epidemiologiki abadançylyk, jemgyýetçilik saglygy komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Nurmat Atabekowa salgylanyp ýazýar. Çagalar esasan gyzdyrma, suwsuzlyk we ögemek bilen ýüzbe-ýüz boldular. Zäherlenme geçen hepde ýüze çykaryldy. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *