Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Gurbanbibi Atajanawa tussaglykda, Daşoguzdaky aýallar koloniýasynda aradan çykdy, onuň 20 ýyllyk türme möhletiniň dolmagyna az wagt galypdy diýip, Azatlygyň çeşmesi merhumyň 26-njy sentýabrda öýüne getirilendigini we jaýlanandygyny habar berýär. Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy hem, öz çeşmelerine salgylanyp, 78 ýaşyndaky Atajanowanyň ýogalandygyny habar berdi. 1997-nji ýylyň aprelinde ýurduň baş prokurory wezipesine bellenen Atajanowa 2006-njy ýylyň 24-nji apreline çenli... Читать дальше...
Paýtagtda 15-nji sentýabrda işe girizilen täze awtobuslaryň köçe-ýol hadysalaryna uçramagy bilen bagly wakalar ýygjamlaşdy. Munuň bilen bir wagtda, sürüjilerden awtobuslara ýetýän maddy zyýanyň öwezini dolmagy talap edýärler diýip, kärhanadaky ynamdar çeşmelerimiz we birnäçe sürüji aýdýar.
Paýtagtda 15-nji sentýabrda işe girizilen täze awtobuslaryň köçe-ýol hadysalaryna uçramagy bilen bagly wakalar ýygjamlaşdy. Munuň bilen bir wagtda, Aşgabatdaky Ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmileri sürüjilerden awtobuslara ýetýän maddy zyýanyň öwezini dolmagy talap edýärler diýip, kärhanadaky ynamdar çeşmelerimiz we birnäçe sürüji aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi. “Paýtagtyň köçelerinde Hytaýda öndürilen awtobuslar işe girizilenine... Читать дальше...
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ermek Koşerbaýewi daşary işler ministri wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi diýip, Akordaanyň web sahypasynda habar berildi. Öňki ministr Murat Nurtleu prezidentiň Halkara maýa goýumlary we söwda hyzmatdaşlygy boýunça kömekçisi wezipesine bellenildi. Ermek Koşerbaýew şu ýylyň fewral aýyndan bäri premýer-ministriň sosial meseleler boýunça orunbasary bolup işleýärdi. Sentýabr aýynyň başynda Orda.kz Murat Nurtleuyň, şeýle-de, Milli howpsuzlyk komitetiniň... Читать дальше...
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2026-njy ýylda durnukly ösüşini dowam etdirjekdigini çaklaýarlar diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri ÝTÖB-iň täze hasabatyna salgylanyp habar berýär. ÝTÖB-iň çaklamasyna görä, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3 göterim artar, bu ösüşe energiýa, infrastruktura, oba hojalygy hem-de azyk senagatyna goýulýan maýa goýumlarynyň artmagy itergi berer diýip, habarda bellenýär. Habarda aýdylmagyna görä... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, iş kesilen 225 raýatyň günäsini geçmek hakyndaky permana gol çekdi. Döwlet eýeçiligindäki metbugat prezidentiň günäsi geçilenleriň halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw edendigini belleýär. Türkmen prezidenti adatça günäsi geçilen tussaglaryň işe ýerleşdirilmegini hem tabşyrýar. Ýöne öňki tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň arasynda soň, ikinji, üçünji gezek jenaýata baş goşýan adamlaryň sany barada maglumat berilmeýär. Читать дальше...