Nobel baýragynyň eýesi Alferow aradan çykdy
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi, russiýaly alym Žores Alferow 88 ýaşynda aradan çykdy. “Žores Alferow şu gün ýogaldy” diýip, onuň aýaly 2-nji martda rus habar serişdelerine gürrüň berdi. Maglumata görä, Alferow ýürek-öýken näsazlygyndan ölüpdir. Alferowa 2000-nji ýylda ýarymgeçirijiler we lazer tehnologiýalary üçin fizika boýunça Nobel baýragy berlipdi. Ol 1990-njy ýylda sowet lideri Mihaýil Gorbaçýowa parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berlenden soň, bu baýraga mynasyp bolan ilkinji russiýaly boldy.