Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2019

Новости за 13.03.2019

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy sakgally adamlary saklamagyny dowam etdirýär

Türkmenistanyň paýtagtynda sakgally adamlaryň tötänden saklanmagy we olaryň polisiýa äkidilip, soraga çekilmegi dowam etdirilýär. "Aşgabat şäherinde sakgal ösdürýän ýaş oglanlary ýygnap soraga çekýärler. Dostumy we onuň ýanyndaky sakgaly ösgün oglany ýoluň ugrunda durka polisiýa ofiseri gelip, maşyna mündürip äkidipdir, bölüme baransoňlar olary soraga çekip başlapdyrlar", diýip habarçymyz 13-nji martda habar berdi. Habarçymyzyň sözlerine görä, bu sorag edişlik tutuş günüň dowamynda uzaga çekip, ýigitler sakgalyny syrmaga mejbur edilipdir. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ eýranly aktiwistiň türme tussaglygyny ýazgardy

ABŞ Eýranda adam hukuklaryny goraýjy Nasrin Sotoudeh babatynda girizilen täze türme möhletini "mümkin bolan iň berk sözlerde" ýazgardy.  "Eýranyň režiminiň Sotoudehi 38 ýyla we 148 urga höküm edendigi baradaky habarlary eşidip, biz gahar-gazaba mündük" diýip, Döwlet departamentiniň resmi wekili Robert Palladino 12-nji martda aýtdy. "Bu höküm aňryçäk derejede wagşyçylykly" diýip, Palladino belledi.  Şol bir wagtyň özünde-de, BMG-niň Eýranda adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Jawaid Rehman... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen delegasiýasy Pakistanda TOPH-y, TOP-y maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Pakistana sapar edip, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasynyň geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly taslamalar barada maslahat etdi. Türkmen wekiliýeti Pakistanyň prezidenti Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. Pakistanyň premýer-ministri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda, Imran Han TOPH gazgeçirijiniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Dünýäniň ençeme döwleti Boeing 737 MAX 8 uçarynyň gatnawyny togtatdy

Efiopiýada Boeing 737 MAX 8 uçary heläkçilige uçrap, 157 adamyň ölümine sebäp bolandan soň, dünýä ýurtlarynyň ençemesi bu uçarlaryň gatnawyny togtatdy. Gazagystanyň Raýat Awiasiýa Komiteti Boeing 737 MAX uçarlarynyň uçuşlaryny bes edýändigini mälim etdi. Ýewropa Bileleşigi, Norwegiýa, Awstriýa, Hytaý, Malaýziýa, Singapur, Indoneziýa, Braziliýa, Meksika, Hindistan we beýleki birnäçe döwlet, öňüni alyş çäreleriniň çäginde, öz howa giňişligini bu uçarlar üçin ýapýandygyny yglan etdiler. Mundan öň... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ kanunçykaryjylary Nemtsowyň ölümi boýunça Kremli tankytlaýan rezolýusiýany kabul etdiler

ABŞ-nyň kanunçykaryjylary rus oppozisiýa aktiwisti Boris Nemtsowyň ölüdirilmeginde Kremliň gatnaşygy bolandygy aýdylýan ýagdaý boýunça prezident Wladimir Putini ýiti tankytlaýan çäreleri kabul etdiler. Wekiller öýi durmuşa geçirilmegi zerur bolmadyk rezolýusiýany sesleriň 416-1 gatnaşygy bilen kabul etdi. “Bu rezolýusiýa Kremliň özüniň syýasy garşydaşlaryny yzarlamagyny ýazgarýar, şeýle-de administrasiýasyny Nemtsowyň ölümine sebäpkärlere we muny güp-basty edenlere garşy sanksiýalary girizmäge çagyrýar” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-“Talyban” gepleşikleri netijeli tamamlandy, emma ylalaşyga gelmek başartmady

ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň iň uzaga çeken tapgyry “hakyky öňegidişlikler” bilen tamamlandy, emma daşary ýurtly güýçleri Owganystandan çykarmak boýunça ylalaşyga gelmek başartmady diýip, ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad mälim etdi. “Parahatçylyk üçin şertler gowulandy. Ähli tarap-da urşuň tamamlanmagyny isleýär. Öňegidişliklere we yza gaýtmalara garamazdan, bir ünsümizi jemläp, hakyky netijeleri gazandyk” diýip, Khalilzad özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gülnara Kerimowanyň gyzy ejesi barada maglumat berdi

Özbegistanyň ozalky awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň sud diňlenişigi onuň saklanylýan öýüniň aşhanasynda geçirilip, ol umumy hasap bilen bir güne çekdi. Diňlenişigiň netijesi boýunça Gülnara Kerimowa bäş ýyl tussaglyk berildi. Bu barada Kerimowanyň gyzy – Iman Kerimowa “The Guardian” neşirine maglumat berdi. Kerimowa 2014-nji ýylda Özbegistanda tussag edilipdi. Geçen hepde ABŞ Gülnara Kerimowanyň adyny ilkinji gezek uly göwrümli halkara parahorlyk shemasynda agzady. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *