‘Goňşym Migrasiýa gullugynyň bir işgärine tanyş üsti bilen 1.100 dollar para berip ýurtdan çykdy’
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy raýatlaryň ýurda erkin girip çykmagyny berk gözegçilikde saklaýar.
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy raýatlaryň ýurda erkin girip çykmagyny berk gözegçilikde saklaýar.
Geçen ýylyň güýz aýlarynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda düýeleriň arasynda dörän keselçilik welaýatyň Türkmenbaşy hem-de Bereket etraplarynda täzeden ýüze çykyp başlady.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani özüniň Yraga amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň çäginde Bagdada bardy. Bu barada döwlet telewideniýesi habar berýär. Bu sapar Birleşen Ştatlar tarapyndan Yragyň öz goňşusy bilen gatnaşyklaryny çäklendirmegi üçin Bagdada basyşlaryň edilýän mahaly amala aşýar. 11-nji martda Bagdada üç günlük sapary amala şyrmak üçin gitmezden öň, Tähranyň “Mehrabad” aeroportunda çykyş eden Rohani Eýran bilen Yragyň arasyndaky “aýratyn” gatnaşyklara gowy baha berdi. “Biz Yrak bilen gatnaşyklarymyzy... Читать дальше...
Türkmenistanyň söwda we transport pudaklaryna degişli döwlet edaralarynda işgärleriň sanawy düzülip, olaryň wezipesi we milleti hasaba alynýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 11-nji martda habar bermegine görä, täze talap, hususan-da, Aşgabadyň söwda edarasyna, Döwlet söwda edarasyna we Söwda gözegçilik edýän döwlet gullugyna degişli. Bu edaralaryň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, köpler bu düzgün barada geçen hepdede bilip galypdyr. "Aşpromtorga we transporta... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek meselesiniň haýal çözülýändigini boýun alyp, wise-premýerlere ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.
“Arzamyň gural öndürýän zawody” Türkmenistana senagat gaz ölçeýji gurallaryň ilkinji tapgyryny iberdi diýip, Russiýanyň “FederalPress” habar agentligi habar berýär. Neşir özüniň 7-nji martda beren maglumatynda bu gurallaryň döwlet edaralarynyň gaz paýlaýjy desgalarynda oturdyljakdygyny aýdýar. “Mundanam başga, 1-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň hökümeti ýaşaýyş jaýlarynyň ählisine energiýa resurslaryny ölçeýji gurallaryň oturdylmalydygy barada karar kabul etdi. Bu suw ölçeýji gurallara bolan talaby hem artdyrar. Читать дальше...
“Amnesty International” guramasy Russiýanyň häkimiýetlerine adam hukuklaryny gorap çykyş edýän çeçen aktiwisti Oýub Titiýewi azatlyga goýbermäge eden çagyryşyny tekrarlady. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama Titiýewe garşy neşe saklamak boýunça bildirilen “galp” aýyplamalary “adalaty kemsitmek” diýip atlandyrdy. Düýbi Londonda ýerleşýän gurama bu baradaky çagyryşyny 11-nji martda, ýagny Çeçenistanyň sudy bu iş boýunça jemleýji delilleri diňlemäge başlaýan mahaly etdi. “Russiýanyň jenaýat... Читать дальше...
Efiopiýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we onuň bortundaky 157 adamyň ölmegi “Boeing 737 MAX 8” uçarynyň howpsuzlygy baradaky täze soraglary gozgady. Bu alty aýdan hem az wagtyň dowamynda şol bir nusgadaky uçaryň heläkçilige uçramagy bilen bagly ýüze çykan ikinji hadysadyr. Geçen ýylyň oktýabrynda “Lion Air” howaýollary kompaniýasyna degişli uçar Indoneziýanyň kenarynda okeana gaçypdy. Şonda uçardaky ýolagçylaryň 189 sanysy heläk bolupdy. Muňa jogap edip... Читать дальше...